Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap ýurtlary we Türkiýe ilkinji gezek Hamasyň 7-nji oktýabrdaky hüjümini ýazgardylar


BMG-niň maslahaty (arhiw suraty)
BMG-niň maslahaty (arhiw suraty)

Saud Arabystany, Müsür, Katar, Iordaniýa ýaly Arap ligasyna girýän döwletler, şeýle hem Türkiýe we Ýewropa Bileleşigi Hamas radikal toparynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyla garşy amala aşyran hüjümini ýazgarýan bilelikdäki ilkinji deklarasiýa gol çekdiler. ABŞ we ÝB Hamasy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär.

Bu dokument BMG-niň iki döwlet ýörelgesini dikeltmek maksady bilen geçirilen konferensiýasynda kabul edilip, onda ähli zamunlary boşatmak, ýaraglary tabşyrmak we Gazanyň gözegçiliginden ýüz öwürmek arkaly urşy bes etmek talap edilýär.

Deklarasiýada Gaza zolagyndaky konflikti tamamlamagyň meýilnamasy hödürlenýär. Bu meýilnama laýyklykda garaşsyz, harbylaşdyrylmadyk palestina territoriýasy döredilip, onuň sebite integrasiýasy üpjün edilmelidir.

Şeýle hem, resminama Gazadaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin halkara güýçleriniň ýerleşdirilmegini, Palestinanyň administrasiýasynyň dikeldilmegini we garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegine taýýarlygy göz öňünde tutýar. Deklarasiýada Ysraýylyň howa zarbalary, parahat ilatyň ölümine sebäp bolan hereketleri we ynsanperwer kömeginiň çäklendirilmegi dagy berk ýazgarylýar.

Bu başlangyç Ysraýyl we ABŞ tarapyndan güýçli tankyda sezewar boldy. Ysraýylyň ýolbaşçylary bu ädimiň netijesinde “täze Hamas döwletiniň” emele geljekdigini bellediler.

XS
SM
MD
LG