Gyrgyzystanyň Oş welaýatynyň Özgen etrap kazyýetinde ýerli ýaşaýjy Aýzirek Eraliýewanyň öldürilmegi bilen bagly iş boýunça kazyýet diňlenişigi başlady. Bu jenaýat işinde Eraliýewanyň adamsy aýyplanýan hökmünde geçýär. Ol adam öldürmekden başga-da, ýarag we ok-däri serişdeleriniň bikanun dolanyşygynda aýyplanýar.
Eraliýewanyň garyndaşlary oňa ömürlik türme tussaglygyny talap edýärler.
Aýzirek Eraliýewa Oş welaýatynyň Kara-Kulja etrabynda mekdep uçurymlarynyň 20 ýyllyk duşuşygynyň soňundan öldürildi. 38 ýaşly aýal öňki klasdaşlarynyň duşuşygyna adamsy bilen bilelikde gatnaşypdy.
Derňewiň we aýyplamanyň wersiýasyna görä, duşuşykdan soň Aýziregiň adamsy ony tüpeňden atypdyr. Ol dessine tussag edilip, wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirildi. Polisiýanyň maglumatyna görä, jenaýatyň mümkin sebäbi gabanjaňlyk bolup biler.
Jübüt bäş çaga terbiýeleýärdi.