Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kiýewe hüjüm etdi: ölenler we onlarça ýaralanan bar


Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri. 31-nji iýul, 2025 ý.
Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri. 31-nji iýul, 2025 ý.

Russiýanyň 31-nji iýula geçilen gije Ukrainanyň paýtagty Kiýewe uran zarbasy netijesinde azyndan alty adam öldi, 50-den gowragy ýaralandy. Bu barada şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Timur Tkaçenko habar berdi.

Hüjümde paýtagtyň Swýatoşin etrabyndaky dokuz gatly ýaşaýyş jaýynyň bir girelgesi doly ýumruldy. Harabalyklaryň aşagynda henizem adamlaryň galan bolmagy mümkin. Mundan başga-da, Solomenka, Goloseýewo we Şewçenko etraplarynda hem weýrançylyklar hasaba alyndy.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçkonyň sözlerine görä, hüjümde dronlar we raketalar ulanyldy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymir Zelenski wakanyň bolan ýerinden wideo ýazgy paýlaşyp: “Kiýew. Raketa bilen zarba. Göni ýaşaýyş jaýyna. Harabalyklaryň astynda adamlar bar. Ähli gulluklar iş başynda. Russiýalylar terrorçy” diýip, ýazgy galdyrdy.

Moskwa bu hüjümi entek teswirlemedi.

XS
SM
MD
LG