Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Medwedýewi “diýýän sözlerine üns bermäge” çagyrdy


Tramp we Medwedýew. Filippinler. 2017 ý.
Tramp we Medwedýew. Filippinler. 2017 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedýewe “diýýän sözlerine üns bermäge” çagyrdy, we ony “özüni entegem prezident saýýan şowsuzlyga uçran öňki prezident” diýip atlandyrdy. Bu barada Tramp Hindistanyň Russiýa bilen söwda gatnaşyklary sebäpli bu ýurduň önümlerine garşy girizjek import gümrük paçlary barada Truth Social sosial ulgamynda ýazan postunda aýtdy.

“Hindistanyň Russiýa bilen alyp barýan işleri maňa gyzykly däl. Goý, olar bilelikde öz öli ykdysadyýetlerini ýykybersinler, maňa parhy ýok… ABŞ-nyň Russiýa bilen söwdasy tas ýok diýen ýaly. Goý, bu ýagdaý şeýleligine galsyn we Russiýanyň prezidentlikde şowsuzlyga uçran, henizem özüni prezident hasap edýän öňki prezident Medwedewe diýýän sözlerine üns bermelidigini aýdyň. Sebäbi ol örän howply meýdana girýär” diýip, Tramp ýazdy. Emma Tramp Medwedýewiň haýsy ýazgysy barada gürrüň edýändigini aýdyňlaşdyrmady.

Russiýanyň öňki prezidenti we premýer-ministri bolan Medwedýew, 2020-nji ýyldan bäri ýörite döredilen Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär. Ol sosial ulgamlarda häzirki wagtda bolup geçýän wakalara yzygiderli teswir ýazyp, Günbatar ýurtlarynyň liderleriniň garşysyna kemsidiji beýanatlar edýär we ýadro urşunyň mümkindigini açyk ýaňzydyp haýbat atýar.

Ýakynda Medwedýew ABŞ-nyň prezidenti tarapyndan Moskwa bilen Ukraina arasynda ylalaşyga gelmek üçin berlen möhletiň gysgaldylmagy baradaky beýanata jogap hökmünde, şeýle ädimleriň diňe Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda uruş howpuny artdyrjakdygyny ýazypdy.

XS
SM
MD
LG