Türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň eýeçiliginde bolan aw tüpeňlerine garşy alyp barýan, ýöne resmi taýdan yglan edilmedik we düşündirilmedik göreşi maldarlary, daýhanlary wagşy haýwanlaryň öňünde goragsyz goýup, hojalyklaryň ýylda uly zyýan çekmegine sebäp bolýar diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berýär.
Aw tüpeňleriniň ýygnalyp alynmagywe yzyna berilmezligi indi on ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär. Bu döwürde ekine, mallara hüjüm edýän ýyrtyjy haýwanlar has arkaýynlaşdy we indi, öňküleri ýaly, adam görseler, gorkup-ürküp hem durmaýarlar diýip, daýhanlar, çopanlar aýdýar.
Lebapda ýetişdirilen gawun-garpyzlary şagal, tilki, torsuk zaýalaýar, Gyzylarbat etrabynda hem ýyrtyjy haýwanlar daýhan azabynyň köýmegine sebäp bolýar, bu ýagdaý gök, bakja ekinleriniň bahasyna-da uly täsir edýär diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.
Aw tüpeňleriniň ýygnalmagyny sebäbi aýdylmaýar
Beýleki meselelerde bolşy ýaly, häkimiýetler awçylara garşy görlen bikanun çäreler barada resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, döwlet ýolbaşçysynyň sebitlere edýän saparynyň öň ýanynda aw tüpeňleri meselesine berilýän ünsüň güýçlendirilmegi bu çäräniň ýokary derejeli ýolbaşçynyň howpsuzlyk aladalary bilen baglydygyny yşarat edýär.
Degişli maglumat Daýhanlar gawun-garpyzlaryny şagallardan goramakda kömek soraýarÇeşmeleriň biri aw tüpeňleriniň halkyň elinden 2015-nji ýylda ýygnalyp başlanandygyny aýtdy. Ilki adamlara aw tüpeňlerini degişli bolan polisiýa bölümine tabşyrmak, atlaryny we atalarynyň atlaryny belledip, soňra yzyna almak tabşyryldy. 2016-njy ýylda aw tüpeňlerini bir hepdelik tabşyrmak talap edildi we şondan soň tüpeňler öz eýelerine bölekleýin gaýtarylyp berildi. Ýöne soň tüpeňler polisiýa bölümlerinde durmaly we diňe aw möwsümlerinde eýelerine berilmeli edildi diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen awçylaryň aýtmaklaryna görä, häkimiýetler awçylara we aw tüpeňlerine edilýän gözegçiligi ýuwaş-ýuwaşdan, halk nägile bolmaz ýaly, ‘aw sezony başlananda yzyna gaýtaryp berjek’ diýip, ahyrynda şu günki berk ýagdaýyna getirdiler.
Aw tüpeňleriň ýygnalyp alynmagy maldarçylyk, ekerançylyk bilen meşgullanýan adamlara uly zyýan getirdi.
Çölde mal bakýan çopanlar ýyrtyjy haýwanlaryň garşysynda goragsyz galandyklaryny, muny ýyrtyjy haýwanlaryň hem bilýäne meňzeýändigini aýdýarlar.
"Tüpeňsiz çopanlar özlerini goragsyz duýýar"
“Goýun sürülerine her ýyl ençeme gezek möjek girýär we mallary parçalap, içinde arkaýyn gezýär. Hatda adam görselerem gaçmaýarlar. Öňler, çopan goşlarynda aw tüpeňleri barka, ýokaryk 1-2 gezek ok atylsa, möjekler mal goşuna gelmäge çekinerdiler. Gelseler gizlenip, gyradan birine agyz urardylar. Häzirki ýaly goş jaýynyň daşynda aýlanyp ýörmezdiler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen çopan goýun itleriniň, sanlary kän bolansoň, möjeklerden gorkup, yzyna gaçýandygyny hem sözüne goşdy.
Çopanyň tassyklamagyna görä, tüpeňsiz çopanlar özlerini goragsyz duýýar, möjekleriň adamlara hem agyz urmagyndan alada edýär.
Azatlyk biraz öň şagallaryň bakja ekinlerine ýetirýän zyýany barada habar beripdi. Ekerançylyk bilen meşgullanýan adamlar hem, tüpeňleri alynmadyk bolsa, azap edip ýetişdiren ekinlerini gorap biljekdiklerini aýdýarlar.
“Biz polisiýa bölümine gatnap, kän haýyş etdik. ‘Ýaragymyzy yzyna gaýtaryp beriň, eken ekinlerimizi şagallar zaýalaýar, tüpeň sesini eşitseler, gorkup gaçarlar’ diýip ýalbardyk. Içeri işler bölümlerine, häkimlige hat ýazyp düşündirjek bolduk, dary, bugdaý, arpa ýaly däneli ekinler guş sürülerinden uly zyýan çekýär, hasyl az bolýar diýdik. Emma hiç zat üýtgemedi, ýaraglarymyzy yzyna bermediler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen daýhan aýtdy.
Degişli maglumat Lebapda raýatlaryň gije hereketi çäklendirilip, aw tüpeňleri ýygnalýarDaýhanlaryň biri özbaşdak çykalga tapandygyny, emma onuň hem uzak gitmändigini aýtdy.
“Magni demrini gyryp, kagyza dolap, partlaýjy ýasap, ekinlerimizi gije şagaldan, gündiz guşlardan parkyldy çykaryp goramaly bolduk. Emma soň magni gyryndysyny partlatmak hem gadagan edildi, jerime salyp, biz ondanam kesdiler” diýip, daýhan aýtdy.
Onuň sözlerine görä, edil häzir ‘mundan has öň tüpeň ulanypdym, aw ederdim, tüpeň atardym’ diýseňem, soraga çekýärler.
“Türkmençilikde bir bende ýogalsa, onuň başujunda ‘möhür’ diýip tüpeň goýlardy, häzir tüpeň bolmansoň, suwenir, oýunjak tüpeň ýa gylyç goýmaga başladylar. Emma indi olaram gadagan” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Balkandaky habarçymyz tüpeňleriň ýygnalyp alnyşynyň sebitlere, etraplara görä üýtgeýändigini, mysal üçin Gyzylarbatda aw ýaraglarynyň üç ýyla golaý wagt bäri ýygnalyp alynýandygyny, Magtymguly etrabynda bolsa, indi 7 ýyla golaý wagt bäri, aw awlamaga rugsady bolan ýa bolmadyk diýmän, hemme adamyň ýaragynyň ýygnalyp alynýandygyny aýtdy.
Tüpeňleriň ýygnalmagy, ok-däri gytçylygy et bahalaryna täsir edýär
Habarçymy bilen anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäriniň pikirine görä, bu ýagdalar sebitde et bahasynyň gymmatlamagyna hem öz goşandygyny goşýar, şagal, möjek, syrtlan, ýabany pişik ýaly ýyrtyjylar her ýyl obalarda müňläp öý guşunyň, goýun-geçiniň, owlak-guzynyň başyna ýetýär.
Ýerli hünärmenler zaýaçylygyň serhetýaka sebitlerinde, Magtymguly etrabynda, Nohurda, Lebabyň serhetýaka obalarynyň tas ählisinde, Farapda, Darganata, Köýtendag töwereklerinde, Daşoguz sebitiniň serhetýaka obalarynyň tas ählisinde bolýandygyny, möjekleriň, syrtlanlaryň goýun-geçileri wagtal-wagtal sürüsi bilen parçalap gidýändigini aýdýarlar.
Bellemeli ýeri, aw tüpeňleri Türkmenistanda hemme adam üçin gadagan däl we, jemgyýetdäki orunlaryndan peýdalanyp, aýratyn şertlerde aw awlaýan, dynç alýan adamlar hem az däl.
Azatlyk bu ýagdaýlar, hatda balyk tutmakdaky deňsizlikler barada hem öň birnäçe gezek habar beripdi.
Aýratyn 'hukukly' awçylar
“MHM işgärleri, serhet gullugynyň, prokuraturanyň adamlary her aýda gerek ýerlerine girip, aw tüpeňlerinde aw awlaýarlar. Olar diňe towşan, sülgün, keýik, jeren atyp, öz keýpleri üçin aw edýärler, ýyrtyjy haýwanlary awlamaga olarda wagt ýok” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Degişli maglumat Güýzki aw möwsümi ýanwara süýşürildi, balykçylar yzarlanýar, 'aýratyn' awçylaryň tüpeň sesi kesilmeýärAzatlyk bilen gürleşen awçylaryň tassyklamagyna görä, ýurtdaky ok, däri üpjünçiligi 2007-nji ýyldan bäri ýaramazlaşyp, şu günki günde “doly kesildi” diýilse-de bolar, adamlar ok-däri edinmek üçin dürli emeli, şol sanda howply usullara ýüz urýar.
Bu ýagdaý towşan, sülgün, käkilik awlaýan awçylary gijelerine ýiti çyralary ulanyp, gözi gamaşan haýwanlary taýak bilen awlamaga çenli alyp geldi. Ýöne indi olara garşy hem göreş alnyp barylýar, tebigata zyýan ýetirýän adamlar hökmünde günä bildirilýär diýip, çeşmeler aýdýar.
Azatlygyň habarçylary resmiler bilen gürleşip, Türkmenistanda awçylaryň ýagdaýy we ýyrtyjy haýwanlaryň ýurt ykdysadyýetine ýetirýän zyýany barada hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.