Hytaý Gazagystanda ikinji we üçünji atom elektrik stansiýalaryny gurar

"Rosatom" korporasiýasy tarapyndan gurlan Belarusyň Ostrowets şäherindäki atom elektrostansiýasy.

Gazagystanda üçünji atom elektrostansiýasynyň Hytaý tarapyndan guruljagy has ähtimal. Bu barada wise-premýeriň birinji orunbasary Roman Sklýar 31-nji iýulda hökümetde geçirilen brifingde Azatlygyň soragyna beren jogabynda aýtdy.

Wise-premýeriň sözlerine görä, häzirki wagtda ikinji we üçünji stansiýalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar.

Ikinji atom elektrostansiýasyny gurmaly diýilýän Hytaý korporasiýasynyň üçünjisiniň gurluşygyna hem gatnaşjakdygy baradaky soraga jogap beren Sklýar: "Meniň pikirimçe, hawa" - diýdi.

Ýurduň birinji atom elektrostansiýasynyň gurluşygy üçin Russiýanyň "Rosatom" kompaniýasyny tehnologiýa üpjünçisi hökmünde saýlanandygy 14-nji iýunda ýmälim boldy.

Iýun aýynyň ahyrynda Gazagystanyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Almasadam Satkaliýew (öňki Energetika ministri) Gazagystanyň Russiýa bilen ýylyň ahyryna çenli ýadro desgasynyň gurluşygy barada şertnama baglaşjakdygyny aýtdy.