Kiýewdäki hüjümde wepat bolanlaryň sany artýar

Halas edijiler 2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde ýumrulan ýaşaýyş jaýynda wepat bolan adamlaryň jesetlerini alyp gidýärler.

Ukrainanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň habaryna görä, geçen gijäniň dowamynda halas edijiler Kiýewiň Swýatoşinskiý etrabynda köp gatly binanyň harabalygyndan ýene ondan gowrak pidanyň jesedini çykardylar.

31-nji iýul gijesinde Russiýanyň şähere eden hüjümi netijesinde öldürilenleriň umumy sany 31 adama ýetdi, olaryň üçüsi çagalar. Ýene 159 adam ýaralandy, şol sanda 16 çaga.

24 sagadyň dowamynda iki müň tonnadan gowrak galyndy çykaryldy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, anna güni irden halas edijiler binanyň weýran edilen desgalarynyň 70% -ini söküpdirler. Gyssagly halas ediş işleri dowam edýär.

31-nji iýul gijesinde Ukraina 300-den gowrak pilotsyz uçar hüjüm etdi - urlan zarbalaryň köpüsi Kiýewe edildi.

Şäheriň Swýatoşinskiý etrabynda dokuz gatly binanyň girelgesi weýran boldy. Solomenskiý, Goloseýewskiý we Şewçenkowskiý etraplarynda weýrançylyklar hasaba alyndy.

1-nji awgust Kiýewde rus hüjüminde ölenleriň hatyrasyna ýas güni yglan edildi.