Kiýewe edilen rus hüjüminde 31 adam öldi, Tramp bu hüjümi 'elhenç' atlandyrdy

Russiýanyň Kiýewde amala aşyran raketa we dron zarbalarynyň getiren netijesi

Russiýanyň Kiýewe amala aşyryp, 31 adamy, şol sanda bäş çagany öldüren zarbasynyň yz ýany, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Russiýa boýunça gahar beýan etdi. Ol bu hereketi ‘elhenç’ atlandyryp, Moskwa garşy täze sanksiýalary girizmegi wada berdi.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 1-nji awgustda sosial mediada ‘erbet hüjüm’ boýunça halas ediş operasiýalarynyň tamam bolandygyny, 159 adamyň şikeslenendigini aýtdy. Ol pida bolanlaryň arasynda iki ýaşly çaganyň hem bolandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Russiýa tarapyndan edilen bu erbet zarba Moskwa garşy basyşyň artdyrylmagynyň hem-de goşmaça sanksiýalaryň zerurdygyny ýene bir gezek görkezdi. Olaryň netijeliligini Kreml ret etse-de, sanksiýalar işe ýaraýar we olar güýçlendirilmeli” diýip, ol ýazdy.

Degişli maglumat “Güýç arkaly parahatçylyk mümkin”: Ukrainanyň prezidenti Trampa minnetdarlyk bildirdi

Tramp biraz öň Ak tamda çykyş edip, jikme-jiklik bermezden, Birleşen Ştatlaryň Moskwa garşy täze sanksiýalary girizmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Ýöne ol rus prezidenti Wladimir Putini göz öňünde tutup, ‘men ol sanksiýalardan ynjalyksyz bolýandyr öýdemok’ diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Günbatar ýurtlary Russiýa garşy bir topar maliýe çärelerini girizip, onuň ykdysadyýetiniň ýaramazlaşmagyna sebäp boldy. Olar Kremli urşy maliýeleşdirmäge zerur bolan serişdelerden mahrum etmäge çalyşýarlar.

“Russiýa, meniň pikirimçe olaryň edýän zatlary elhenç” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

“Meniň pikirimçe Russiýanyň edýän zatlary örän gynançly. Bir topar russiýaly ölýär” diýip, ol belledi.

Prezident özüniň ýörite wekili Stiw Witkofyň Ysraýyldan soňra Moskwa sapar edip biljekdigini aýtdy. Witkof ysraýylly resmiler bilen Gazadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşýar. Tramp onuň Moskwa sapary boýunça jikme-jiklik bermedi.

“Ol Russiýa barýar. Isle ynan, isle ynanma” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

Bu bellikler Zelenskiniň Kremlde “režimiň üýtgedilmegine” çagyrmagyndan birnäçe sagat soňra aýdyldy. Ol munuň Russiýanyň geljekde sebiti “durnuksyzlaşdyrmaga” synanyşmagynyň öňüni almak üçin ýeke-täk çykalga bolandygyny aýtdy.

Zelenski 31-nji iýulda sowuk uruş döwründe kabul edilen Helsinki Jemleýji aktynyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärede wideo aragatnaşyk arkaly çykyş edip, günbatarly ýaranlaryň Russiýany Ukrainada urşy bes etmäge ‘itermeginiň’ heniz hem mümkindigine özüniň ynanýandygyny aýtdy.

“Ýöne eger-de dünýä Russiýada režimi üýtgetmegi maksat edinmeýän bolsa, bu, Moskwanyň, uruş gutarandan soňra hem, goňşy ýurtlary durnuksyzlaşdyrmaga synanyşjakdygyny aňladýar” diýip, Zelenski aýtdy.

Degişli maglumat Watançylyk profili: Russiýa ýetginjek beýnilerinde liderleri we 'anti-liderleri' tapmak üçin synag geçirýär

“Bu günki günde, biz parahatçylygy Ýewropa gaýtaryp getirmek üçin, Russiýany parahatçylyga mejbur etmek üçin, bu urşy soňlamak üçin, nämäniň zerurdygyny bilýäris” diýip, ol belledi.

“Russiýa garşy täze sanksiýalar bolar we Ukraina goldaw bermekde täze güýçli ädimler bolar. Men dünýäde ýardam berýän hemmelere sagbolsun aýdýaryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu aralykda, Birleşen Milletler Guramasynda, ýokary derejeli ABŞ diplomaty Jon Kelli 31-nji iýulda Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Trampyň Ukraina boýunça ýaraşyk baglaşmak üçin 8-nji awgusta çenli berlen wagt möhleti babatynda tutanýerli bolandygyny aýtdy.

“Russiýanyň hem-de Ukrainanyň ikisi-de ýaraşyk we dowamly parahatçylyk boýunça ylalaşmaly. Ylalaşmagyň wagty geldi. Prezident Tramp munuň 8-nji awgusta çenli baglaşylmalydygyny açyk-aýdyň aýtdy” diýip, ol aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 1-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda Ukrainandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.