Balkanabatda ýiti dem alyş wirusly kesel giň ýaýraýar. Tomsyň yssysynda ýüze çykan bu dümew alamatly hassalyk ýokary beden gyzgynlygy, üsgülewük, demgysma ýaly alamatlar bilen geçip, hassahanalara ýüz tutýan raýatlaryň köpelmegine sebäp bolýar.
"Dem alyş ýollarynyň hassalygy pasyl saýlaman, tomus aýlarynda hem birden ýüze çykýar we tiz ýokaşýar. Bu adamlarda dürli soraglary döredýär, emma lukmanlar adamlara hakykaty aýtmakdan saklanýarlar" diýip, balkanly lukman 31-nji iýulda aýtdy.
Şu günler Balkan welaýatynyň hassahanasynyň bejergi bölüminde dümew görnüşli hassalardan ýaňa ýer ýok, diňe öýkeni şikeslenen pnewmoniýa alamatly näsaglara hassahanada ýatmaga rugsat berýärler diýip, hassahananyň işgäri gürrüň berdi.
Balkanabadyň ýaşaýjylary keselleýänleriň köpdügini öz ýakynlarynyň we töwerek-daşyndaky ýagdaýdan görýändigini gürrüň berýärler.
"Gijelerine hem şäheriň kwartallarynda tiz kömek ulaglary dynuwsyz gelip gidýär. Ýagdaý agyr" diýip, balkanabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Günbatar welaýatyň saglyk edaralaryndaky çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde aýtmagyna görä, şu günler saglyk öýlerine ýüz tutýan näsaglara öýkeni mugtuna rentgen etdirmek üçin enjamlar taýýarlanypdyr.
"Öýkeniň rentgen suratyna görä, diagnoz goýup, dermanlar ýazyp berilýär. Häzirki ýaly guramaçylyk koronawirus döwründe hem bolmandy. Mugt rentgen arkaly öýkene zyýan ýeten raýatlara hassahanalarda emeli dem alyş enjamlary arkaly kislorod berilýär" diýip, Balkanabadyň saglyk edaralarynyň biriniň işgäri gürrüň berdi, emma häzirki hassalygyň nämedigini anyk aýtmakdan saklandy.
Türkmenistanda dem alyş ýollaryň hassalygy soňky ýyllarda ýygy-ýygydan tutaşýar. Käwagt ýurduň saglyk pudgyndaky çeşmeler ölüm hadysalary barada habar berýär. Bu ýagdaý ýurduň saglyk resmileri we habar beriş serişderi tarapyndan düýpden agzalmaýar.
Bu aralykda şäher ýaşaýjylary lukmanlaryň ýeterlik garaşyk etmeýändigini we keseli anyklamak we takyk diagnoz goýmak boýunça barlag geçirilmeýändigini aýdýarlar.
"Anyk diagnoz goýmak üçin labaratorýalar we ökde kadrlar tas ýok. Islendik syrkawa güýçli antibiotik dermanlary ýazyp berýärler" diýip, balkanabatlylaryň biri gürrüň berdi.
Ýaşaýjylaryň ýene biri antibiotik dermanlaryň aşa köp berilýändigini belläp, başga ýurtlarda antibiotikler iňňän zerur bolan ýagdaýda lukmanlar tarapyndan ýazylýan bolsa, Türkmenistanda güýçli dermanlaryň dermanhanalarda açyk görnüşde satylýandygyny aýtdy.
"Wirusa garşy göreşmek ukybyny gowşadýan güýçli antibiotikler bilen dümewe garşy göreşýän adamlar imun sistemasyny hasam zaýalaýarlar. Emma halk köpçüligi olardan peýdalanmagyny dowam etdirýär" diýip, balkanly saglyk işgäri aýdýar.
Dem alyş ýollarynyň agyr infeksiýasy Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda hem ýaýrapdy. Azatlygyň habarçylary dem alyş ýollarynyň hassalygynyň paýtagtda we welaýatlarda tutaşandygyny, hassahanalaryň näsaglardan doludygyny habar beripdi.
Dümew keselçiligi şu ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek tutaşdy. Fewral aýynda Balkan welaýatynyň Saglyk müdirligindäki ygtybarly çeşme hassalyk zerarly ölüm hadysalarynyň hem hasaba alnandygyny habar beripdi. Häkimiýetler bu ýagdaýlar barada teswir bermändi.
Türkmenistanda resmileriň keseller barada dymmagy COVID-19 pandemiýasynda uly problema öwrülipdi. Türkmen häkimiýetleri ne pandemiýa döwründe, ne-de soňunda bu keseliň netijelerini boýun alypdy.
Azatlyga mälim bolan käbir syrly sanlara görä, ýurtda kesel agzalmasa-da ölenleriň sany boýunça hasap ýöredilipdir. Hususan-da, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda 25 000-den gowrak adam hasaba alnypdyr. Ýurduň häkimiýetleri bu maglumatlary resmi derejede ne tassyklady, ne-de inkär etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum