31-nji iýulda irden Mary welaýatynyň Wekilbazar sebitindäki nebit bazasyny ot aldy. Ýangyna garşy göreş günuzyn dowam edip, agşama çenli ot söndürildi. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bolan ýagdaýyň jikme-jiklerini anykladylar.
"Ir sagat 8 töweregi partlama sesi boldy we yzýany ýangyn döräp, gara tüsse çykyp başlady" diýip, şaýatlaryň biri Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.
Nebit bazasy Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesinde ýerleşýär.
Garaşsyz türkmen.news neşiri öz telegram kanalynda ýangynyň wideosyny ýerleşdirdi.
Ody söndürmek işine tutuş welaýatdan ähli ýangyn söndürijileriň gatnaşandygyny, şeýle-de sebitiň ähli ýerlerinden ýük ulaglaryň we agyr tehnikanyň çekilendigini çeşmeler gürrüň berdiler.
“Welaýatyň ähli uly ýük daşaýan ‘Kamaz’ we beýleki ulaglary çäge daşamaly edildi. Ýerli-ýerden sary çäge daşadylar we nebit bazasynyň golaýyna döküp, ýene çäge getirmäge gitdiler. Welaýatyň ähli ýangyn söndüriji ulaglary nebit bazasyna ýangyny söndürmek üçin ugradyldy, emma öçürip bilmeýärler” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 31-nji iýulda öýlän ýerli çeşmeleri sitirledi.
Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna görä, şol gün öýlän birnäçe kilometre çenli gara tüsse sütüni görünýärdi.
Ýangynyň sebäbi belli däl
“Ýangynyň sebäbi belli däl. Nebit bazasynyň işgärlerine gürlemezlik tabşyryldy, olary soraga çekýärler. Nebit bazasyna barýan ýollar ýapyldy, diňe ot söndürijileri we ýük ulaglaryny goýberdiler. Bazanyň golaýynda kanun goraýjylar nobatçylyk çekýärler” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz şaýatlara salgylanyp aýdýar.
Azatlyga elýeterli bolan käbir maglumatlarda, nebit bazasynyň golaýynda mellek ýerleriniň ýerleşýändigi we bu ýerde gurlan jaýlarda ýaşaýan ilatyň öýlerini gyssagly terk etmäge mejbur edilendigi belli boldy.
Aragatnaşyk kesildi
Sebitde internet aragatnaşygy kesildi. Ýangyn bolan güni Wekilbazar etrabynyň ähli ýerinde internet işlemedi.
Aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edýän edaranyň işgärleri internetiň kesilmegini ýangyn sebäpli dörän tehniki näsazlyklar bilen düşündiripdir.
“Altyn-Asyr edarasynyň işgärleri nebit bazasyna ot düşende ýeriň aşagyndan geçýän internet kabeline zyýan ýetdi diýip, düşündirýärler. Emma olar häzirlikçe bejeriş işleri barada özlerinde habaryň ýokdugyny aýdýarlar” diýip habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, käbir ýaşaýjylar "häkimiýetler ilat bu ýagdaýy surata düşürip, paýlaşmaz ýaly tutuş etrapda interneti kesdiler" diýip, pikir edýär.
Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyna degişli bu desgadaky ýangyn barada ne döwlet mediasynda, ne-de hökümetçi onlaýn media serişdelerinde habar berildi.
Benzin beketlerinde uly nobat döredi
Wekilbazardaky nebit bazasyndaky ýangynyň başlanmagyndan soň welaýatyň ýangyç beketlerinde uly nobatlar döredi. Uzynlygy bir kilometrden aşan nobatlarda duran adamlar nebit bazasyndaky ýangyn zerarly benzin gytçylygynyň döremeginden howatyrlanýarlar.
“Adamlar benzin birnäçe gün bolmaz, belki-de aýlap bolmaz belli däl diýip, uzyn nobata durup, benzin we dizel ýangyjyny guýmaga howlugýarlar" diýip, şaýatlaryň biri gürrüň berdi.
Ýene bir ýaşaýjy penşenbe güni ýangyç beketleriniň birinde bolan ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi:
"Sagat 10:00-dan başlap benzin beketlerinde işgärler ‘A-95’, ‘A-92’ we ‘A-80’ benziniň gutarandygyny, diňe EKO benziniň bardygyny aýdyp goşmaça pul gazanyp, başladylar olar benzin beketlerindäki benziniň ähli görnüşleriniň ýüzüne ak kagyzlara EKO ýazyp ýelmediler we ony şol gymmat ýangyjyň bahasyndan satmakçy boldular. Emma adamlar galmagal turuzansoň, ýazgylary aýyryp, bezini görnüşine görä nyrhdan satdylar”.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň soňky maglumatlaryna görä, Wekilbazardaky nebit bazasy wagtlaýynça ýapylypdyr. Şäheriň ýangyç beketlerine Baýramaly etrabynyň nebit bazasyndan benzin getirilip, guýulýar. Benzin beketlerinde müňe golaý awtoulag nobata durýar we ýagdaýa polisiýa işgärleri gözegçilik edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum