Ýüzlerçe resmi we syýasatçy 31-nji iýulda we 1-nji awgustda, Helsinki Jemleýji aktynyň 50 ýyllygyny bellemek üçin, Finlandiýa ýygnanar.
Bu ylalaşyk 35 ýurduň, şol sanda Sowet Soýuzy bilen Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Konferensiýasy (CSCE) diýlip bilnen iki ýyllyk gepleşiklerinden soň, köp sanly ýörelgede ylalaşyk gaznylmagy bilen, Sowuk Uruş döwrüniň özboluşly gaýdyş nokadynyň ýokary derejeli nyşany bolup durýar.
Bu soňra has giň Ýewropa yklymynyň geosyýasy arhitekturasyny emele getirer we SSSR ýykylanyndan soň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) öwrüljek gurluşyň esaslaryny goýar.
Şeýle seretseň, bu ýerde bellemeli, baýram etmeli zat köp bolup görünýär.
Özem bu ýerde ýyl başynda ÝHHG-nyň başlygy wezipesini öz üstüne alan Finlandiýa uly rol oýnaýar.
31-nji iýulda Helsinkide Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş esasy çykyş edijiler bolarlar, soňra dürli görnüşde, ýokary derejeli paneller geçirilip, Hormat, Jogap, Taýýarlyk temalary astynda, ÝHHG-nyň geljegi barada çekişmeler guralar.
Finlandiýanyň başlyklygy Wenada ýerleşýän guramanyň meýletinçilik esasynda maliýeleşdirilmegini ýokarlandyrmaga gönükdirilen “Helsinki+50 gaznasyny” açmak üçin dörän pursatdan peýdalanmak mümkinçiligi hem berer.
Şol bir wagtda köpler ÝHHG şindem özüniň asyl maksadyna hyzmat edýärmi diýip soraýar.
Uly ylalaşyk
1975-nji ýylda bu hakykatdan hem demokratik Günbatar bilen kommunistik Gündogaryň arasynda baglaşylan uly geleşik bolup görünýärdi.
Sol döwürde Ýewropada bar bolan serhetleriň statusyny we eldegrilmesizligini tassyklansoň, Helsinki jemleýji kanuny Moskwada bellendi. Bu Warşawa şertnamasy ýurtlarynda Sowet agalygynyň dowam etmegini we, eger de-ýure bolmasa, de-fakto, Baltika döwletleriniň anneksiýa edilmeginiň ykrar edilmegini aňladýardy.
Ýöne ol geljekde Gündogar-Günbatar hyzmatdaşlygynyň “sebedi” diýilýän üç esasy - syýasy we harby meseleler; ykdysady we ylmy hyzmatdaşlyk; we, ähtimal, iň möhümi, adam hukuklary ugurlaryny hem döretdi.
Sowet Soýuzy başda özüni “ýeňen” hasaplan bolsa-da, Sowuk Uruş bölünişiginde halkara adam hukuklary hereketine sebäp bolan üçünji sebet hem nazara alynsa, hakykatda, uzak möhlet nukdaý nazaryndan Günbatar ýeňiji bolup çykdy.
Ol Polşadaky “Raýdaşlyk” hereketine, Estoniýada, Latwiýada we Litwada “Baltika ýoly” we Çehoslowakiýada “77-nji düzgünnama” - Demir tutynyň syrylmagyna we Sowet Soýuzynyň dargamagyna ýol açan hereketlere ylham berdi.
1990-njy ýyllarda ÝHHG-nyň döredilmegi bilen, üçünji adam hukuklary sebedi giňeldilip, milli azlyklary goramagy, metbugat azatlygyny we şu günki güne çenli saýlawlara gözegçilik missiýalarynyň standartlaryny kesgitleýär guramany, Demokratik Guramalar we Adam Hukuklary edarasyny hem öz içine aldy.
Finlandiýanyň bu guramadaky ilçisi Wesa Hakkinen ÝHHG-a agza bolup durýan 57 döwlete iberen hatynda olary Halsinkide bellenjek baýramçylyga çagyryp, şeýle ýazdy.
"Helsinki jemleýji kanuny diňe bir döwletleriň arasyndaky däl-de, eýsem içerki gatnaşyklaryndaky dartgynlyklary dolandyrmakda, dawa-jenjeliň öňüni almak üçin, özara ylalaşylan möhüm ýörelgeleri we borçnamalar toplumyny kesgitlemek arkaly, töwerekelýin we täzeçe çemeleşmelere gol aýpdy. ÝHHG ýörelgeleri we borçnamalary 50 soň hem Ýewropanyň howpsuzlyk düzgüniniň möhüm bölegi bolup galýar."
Bu hakykatdanam şeýle bolup galýarmy ýa-da ýok, megerem bu panellerde üstünde çekeleşilýän meseleleriň biri bolar.
Makala gysgaldylyp alyndy.
Forum