Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina korrupsiýa garşy edaralaryň garaşsyzlygyny dikeldýän kanuny kabul etdi


Korrupsiýa garşy edaralaryň garaşsyzlygyny çäklendirýän kanuna garşy geçirilen protestler
Korrupsiýa garşy edaralaryň garaşsyzlygyny çäklendirýän kanuna garşy geçirilen protestler

31-nji iýulda Kiýewde köçelere çykan köp sanly demonstrant Ukrainanyň parlamentiniň korrupsiýa garşy göreşýän edaralaryň garaşsyzlygyny gaýtadan dikeldýän täze kanuny kabul etmegini şatlyk bilen garşy aldylar.

Bu täze kanun 450 orunlyk parlamentde 331 deputat tarapyndan goldanyldy we hiç bir kanunçykaryjy oňa garşy çykmady. Geçen hepde kabul edilen we korrupsiýa garşy derňewlere päsgel berjekdigi barada gorky döreden öňki kanun, üç ýyldan gowrak wagt mundan öň Russiýanyň giň gerimli çozuşy başlany bäri iň uly jemgyýetçilik protestlerine sebäp bolupdy.

Täze kanun Ukrainanyň Korrupsiýa garşy milli býurosynyň (NABU) we Korrupsiýa garşy ýöriteleşdirilen prokuraturanyň (SAP) garaşsyzlygyny doly gaýtadan dikeldýär we gol çekilmegi üçin prezident Wolodymyr Zelenskä ugradyldy.

22-nji iýulda ozalky kanuna gol çeken Zelenski, bu kanunyň asyl maksadynyň agzalan edaralary uzak wagt bäri korrupsiýa sezewar edýän rus täsirinden arassalamakdygyny aýdypdy.

Emma bu edaralaryň garaşsyzlygynyň çäklendirilmegi köp sanly ukrainalyda, esasanam ýaş nesilde gahar-gazap döretdi. Olar rus raketalary we dronlary bilen edilen hüjümlerden birnäçe sagat soňra hem protestleri geçirmek üçin köçelere çykypdylar.

“Adamlar hut ýaşlaryň beýle köp sanda çykjakdygyna garaşmandylar” diýip, köçelere çykan ýüzlerçe adamyň biri Anastasiýa Bezpalko aýtdy.

“Ýaşlar kimdir birleriniň özlerini aldatmakçy bolýandygyna, uly adalatsyzlygyň bolýandygyna göz ýetirdi” diýip, 23 ýaşly Bezpalko Azatlyga aýtdy.

Bir gün soňra Zelenski jemgyýetiň talaplaryny eşidendigini aýdyp, korrupsiýa garşy edaralaryň garaşsyzlygyna howp salmazdan, rus täsirini hem aradan aýyrmaga mümkinçilik berjek täze kanun taslamasyny 31-nji iýulda parlamentiň garamagyna hödürledi.

Ukrainadaky düýpli ornaşan korrupsiýa, Günbatar ýurtlarynyň käbirleriniň Kiýewi goldamagyna päsgelçilik bolupdy.

Bu soňky protestler ABŞ-nyň we beýleki Günbatar ýaranlarynyň, üç ýyldan hem aşa wagt dowam edýän urşy bes etmek üçin, Russiýany parahatçylyk gepleşiklerine mejbur etmek ugrundaky tagallalaryna gabat geldi.

Forum

XS
SM
MD
LG