Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arkadag gurluşyklarynda işleýän işçiler 'gaty ezilýändiklerini' aýdýarlar


Arkadag şäheriniň 'ýüzüni garaňka tutan' gurluşyklary
Arkadag şäheriniň 'ýüzüni garaňka tutan' gurluşyklary

Azatlygyň habarçysy Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda işleýän içerki migrantlaryň, aşa yssy howa zerarly, gijelerine, giç sagat 23:30-da işe başlap, ir sagat 8:30-a çenli, gijeki iş tertibinde, agyr şertlerde işleýändiklerini, olaryň alýan aýlyk haklarynyň, dollaryň gara bazar kursunda hasaplananda, 200-250 amerikan dollaryndan geçmeýändigini habar berýär.

Bu maglumat Arkadag şäherinde “täze şaýoluň we döwrebap köpriniň” uly dabara, aýdym-saz bilen açylan gününiň ertesi geldi. Täze köpriniň uzynlygy 627 metr, ini 29,5 metr, beýikligi 9 metre barabar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Ýerli synçylaryň käbiri ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň uly, gymmatbaha gurluşyklaryň azalmagyna getirmegine umyt baglapdy. Emma, görnüşinden, bu beýle bolmady.


“Ýurtdaky ykdysady çökgünligiň saklanyp galmagy ýurt başynda duran emeldary öz dogduk sebitiniň merkezinde, Arkadag şäherinde býujet serişdeleriniň hasabyna gurulýan gymmat bahaly gurluşyklary dowam etdirmekden saklamaýar” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Yssy howa ýurtdaky 'adalatsyzlyklara' ünsi çekýär

Habarlardan mälim bolşy ýaly, aşa yssy howa ýurduň sebitlerindäki, şol sanda paýtagtdaky elektrik desgalarynyň sepini açýar, dowamly tok kesilmeleri ýönekeý adamlar, şol sanda hassahanalarda bejergi alýan näsaglar üçin uly kynçylyklary döredýär.

Emma, energiýa baý ýurtda çözgüt tapylmaýan tok üpjünçiligi meselesinden tapawutlylykda, yssy howadaky gurluşyk işleri meselesinde, işçileriň howpsuzlygy, daşyna çykaryp bilmeýän nägilelelikleri nazarda tutulmasa, 'gowy' çözgüt tapylana meňzeýär.

Arkadag şäheriniň 'ýüzüni garaňka tutan' gurluşyklary
Arkadag şäheriniň 'ýüzüni garaňka tutan' gurluşyklary

Habarçymyz we çeşmeler aşa yssy howanyň Arkadag şäherindäki gurluşyk işleriniň gije şertlerinde alnyp barylmagyna sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Işçiler giç sagat 23:30-da işe başlap, irden 8: 30-a çenli işleýärler. Olara gijäniň dowamynda naharlanmak üçin 20 minutlyk arakesme berilýär. Bu arakesme gije sagat 2:30-da başlanyp, sagat 2:50-de tamamlanýar” diýip, hünärmen aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda işleýän işçileriň aglaba köplügi beýleki welaýatlardan gelen migrant işçiler bolup, olar kynlyk bilen tapan işlerini ýitirmezlik üçin her hili agyr şertlerde işlemäge kaýyl bolýarlar.

Işçilerden tygşytlanan pul 'paýlaşylýar'

“Hususy gurluşyk kärhanalarynyň eýeleri welaýatlardan eklenç üçin gelýän işçileri doly güýjünde işledip, olara azrak hak töläp, tygşytlanýan pul serişdesini iş beriji bilen paýlaşýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran işçi aýtdy.

Arkadag şäheriniň 'ýüzüni garaňka tutan' gurluşyklary
Arkadag şäheriniň 'ýüzüni garaňka tutan' gurluşyklary

Azatlyk bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe işçiniň pikirine görä, häkimiýetler Türkmenistany köpçülikleýin ýagdaýda terk edýän işçileri, hususan-da Russiýa Federasiýasyna zähmet migrasiýasyna gitmekçi bolýan raýatlary ýurtda saklamak, arzan işçi güýji edip ulanmak üçin emeli kynçylyklary döretmeli bolýarlar.


Arkadag şäherinde işleýän işçileriň biri öz iş, aýlyk şertleri bilen daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanlylaryň alýan haklaryny deňeşdirip, ýurtda işçiler babatynda ulanylýan adalatsyzlygy, öýde kän zeýrenensoň, diňe öz maşgala agzalarynyň däl, köp adamyň bilýändigini öňe sürdi.

“Russiýa Federasiýasyndaky gurluşyklarda işleýän işçilere ortaça 1000 dollara golaý, käbir hünärli işçilere bolsa 1500 dollar aýlyk tölenýär. Arkadag şäherindäki gurluşyklarda işleýän içerki migrantlar bolsa, her gün 12 sagat işleseler-de, her aýda alýan zähmet haklary, dollaryň gara bazar nyrhy bilen hasaplananda, 200, 250 dollardan geçmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran işçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hususy gurluşyk kärhanalarynyň eýeleriniň garyndaşlary, güýç gulluklarynda arkasy bolan adamlar, tehniki howpsuzlyk wezipesine kabul edilýän işgärler 1000 dollardan geçirip aýlyk alýarlar, ýöne bu hili mümkinçilikden peýdalanýan işçileriň sany kän däl.

Işçi nahary
Işçi nahary

Azatlyk resmiler, gurluşyk kärhanalarynyň eýeleri bilen gürleşip, bu aýdylýanlary tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

"Köpriniň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak"

Türkmenistan dünýädäki iň bir ýapyk ýurtlaryň biri hasaplanýar we Arkadag şäheriniň gurluşygy ýaly uly gurluşyklar, desgalaryň bahasy, işçileriň alýan aýlyklary ýaly maglumatlary açyk, elýeterli etmeýär.

Şeýle-de, ýyllaryň tejribesi, Azatlygyň habarçylary bilen dürli ýyllarda gürleşen işçiler, şol sanda daşary ýurtly işçileriň metbugata aýdan zatlary Türkmenistandaky gurluşyklarda işçilere hak tölemekde goýberilýän kemçilikleriň, ýol berilýän deňsizligiň, kemsitmeleriň asla az däldigini tassyklaýar.

Arkadag şäherindäki dabaralara gaýdyp gelsek, ýurt telekeçileri tarapyndan bina edilen köpriniň ikitaraplaýyn ýolunyň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, onuň bölüji zolagynyň ini 5 metre deň. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar gurlup, ýaşyl zolaklar döredilipdir. Emma bu gurluşyklaryň umumy bahasy barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Türkmenistanda dowam edýän gymmatbaha gurluşyklaryň fonunda, ýurduň köplenç idegsiz galýan sebitleriniň ýaşaýjylarynyň sosial mediada paýlaşýan köçe, ýol, köpri şekilleri berk gözegçilik astynda saklanýan, söz, metbugaty azatlyklary düýpli çäklendirilen adamlaryň özboluşly protestleri bolup görünýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG