Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda mugallymçylyk ugrundan okamak üçin aşgabatlylara we arkadaglylara stipendiýaly ýer artdyryldy - çeşme


Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymlary taýýarlaýyş döwlet institutyna dalaşgärler. Türkmenabat (Arhiw suraty)
Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymlary taýýarlaýyş döwlet institutyna dalaşgärler. Türkmenabat (Arhiw suraty)

Türkmenabatda ýerleşýän mugallymçylyk institutyna okuwa kabul ediş döwri tamamlandy. Azatlyk Radiosyna Seýitnazar Seýdi adyndaky bu ýokary okuw jaýyna 27-nji iýulda tamamlanan kabul edişligiň alnyp barylyşyna we dalaşgärleriň sanyna degişli käbir maglumatlar elýeterli boldy.

Ýokary okuw jaýyna berlen kwotalar we dokument tabşyran dalaşgärleriň sany barada maglumat paýlaşan çeşmelere görä, bu ýyl meýilnama esasynda 1244 student ýokary jaýyna kabul edilmeli.

“Şu ýyl jemi 2399 sany dalaşgär, şol sanda 124 Ahaldan, 87 Balkandan, 286 Daşoguzdan,Marydan 484, 1364 Lebapdan we 54 talyp, aýratyn Aşgabat we Arkadag şäherlerinden resminamalaryny tabşyrdylar. Her welaýata berilen kwota sanyndan artyk dalaşgärler bar” diýip, çeşme aýtdy.

Lebap welaýatynyň bilim pudagyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler Aşgabat hem-de Arkadag şäher üçin töleg esasynda bakalawr taýýarlamak üçin kwota berilmändigini, emma olar üçin býujet esasynda hünärmen taýýarlaýyş bölümlerine kwotalaryň artdyrylanlygyny belläp geçdiler.

“Bu ýyl Aşgabat we Arkadag üçin 11 kwota berildi, oňa-da 11 adam resminama tabşyrdy. Öňki ýyla seredende iki adam köp. Maňa mälim bolşuna görä, okuwa resminama tabşyran dalaşgärler azyndan 18 müň dollar para beripdir” diýip, çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu ýyl töleg esasynda okamak üçin berilen kwotalaryň sany umuman ozalky ýyldan 8% az bolupdyr.

“Töleg esasynda hünärmen taýýarlamak üçin 815 kwota we tölegli bakalawr taýýarlamak üçin 20 kwota berildi. Bu bolsa stipendiýa esasynda okamak mümkinçiliginiň birneme artandygyny görkezýär. Şol sebäpli bu ýyl bagtyny synap görmegi işläp, býujete resminamalaryny tabşyran dalaşgärleriň sany öňküden köp boldy” diýip, çeşme belleýär.

Türkmenabadyň bilim edaralaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş boldular. Azatlyk Radiosy Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet institutynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Bilim ministrliginiň resmi maglumatyna görä, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 16 müň 782 student, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 879 adam kabul ediler. Şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna we orta mekdeplerine dokumentleri kabul etmegiň wagt çägi 14-nji iýulyndan 18-nji awgustyna çenli diýlip görkezilipdi.

Azatlygyň habarçysy Mugallymçylyk institutyna okuwa girmek üçin dokumentini tabşyran ýaşlar bilen gürleşdi. Dalaşgärler okuwa girmek üçin berlen kwota sanlarynyň näme esasynda kesgitlenýändigine düşünmeýändigini aýdýarlar.

“Bu sanlar nireden we nämä esaslanyp alyndy? Hiç kim düşündiriş bermeýär. Has gyzykly ýeri, Arkadag we Aşgabat şäheriniň dalaşgärleri üçin mugallymçylyk institutynda býujet esasynda okamak üçin kwotalar berlen, emma beýleki welaýatlar üçin Aşgabadyň ÝOJ-da käbir hünärler boýunça kwotalar ýok. Mysal üçin Magtymguly adyndaky uniwersitetiň býujet -himiýa ugry üçin Lebaba kwota berilmeýär. Öňki ýyllarda ähli okuwlar mugt bolan döwründe hem şeýledi" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleseň ýaşlaryň käbiri ýokary okuw jaýyna girmek üçin dokumentlerini tabşyran hem bolsalar, okuwa kabul ediljegine umytlarynyň ýokdugyny aýtdylar.

“Men dine enem-atamyň sözi üçin resminamalary tabşyrdym. Olary toplamak üçin howanyň yssysynda nobatlarda durup, para berip medisina hem-de beýleki kagyzlary aldym. Okuwa parasyz diňe ýetimler öýünden çagalar we aşa ökde bilýän dalaşgärler girip bilýär. Atasynyň malyny satyp, pul berip okuwa girýänler hem bar” diýip, ýaşlaryň biri aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň soňky aýlarda beren maglumatlaryna görä, okuwa girýänleriň köpüsi maddy ýagdaýy bolan maşgalalaryň çagalary, sebäbi soralýan paranyň mukdary ortaça girdejilerden has ýokary.

Ýurtda ortaça aýlyk 2000 müň manat töwereginde bolup, resmi kurs boýunça 570 amerikan dollara barabar, soralýan paranyň mukdary müňlerçe amerikan dollaryna ýetýär. Habarçylaryň sözlerine görä, şu ýyl tölegli okuwa girmek üçin resmi tölegden daşary bermeli paranyň mukdary 10 müň amerikan dollaryna barabar, döwletiň hasabyna stipendiýaly okuwa girmek isleýänlerden bolsa, para görnüşinde 30 müň amerikan dollaryna çenli pul soralýar.

Şeýle-de bolsa, resmi maglumatlara görä, her ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryny müňlerçe raýat tamamlaýar. Hususan-da, 2025-nji ýylda ÝOJ-laryny tamamlan raýatlaryň sany 15 müňe adama golaý bolupdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG